Şahyr Magtymguly Pyragy

Magtymgulynyň ömri we döredijiligi Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Pyragy onuň edebi lakamydyr. Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň​ köpüsini​ Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geciripdir. Şahyr “Äleme belgilidir” diýen şygrynda Ýar geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýen soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady, ejesi Orazgül bolupdyr.

Siziň teswiriňiz

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *